Atabaý Çargulyýew é Bb0k Oo1Zxkq

Multi tool use
Atabaý Çargulyýew —Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi. Ol 1958-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gäwers etrabynyň Gämi obasynda gullukçy maşgalada eneden boldy. Atabay Çarygulyyewin hakyky ady Hojanazar’dyr.
Ýaşlyk ýyllary[üýtget | edit source]
Atabaý gündizine hojalyk işlerine kömek edip, agşamlaryna bolsa medeniýet öýünde aýdym- saz öwrenýär. Onuň zehini güýçli bolansoň, heniz ýaşka aýdym aýtmaga-da, saz çalmaga-da ökdeleýär. Soňra ol konsertlerde çykyş edip özüni tanadyp ugrady. Ol Türkmenistanda geçirilen "Ala gaýyşly" aýdym-saz festiwala gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe bolýar.
Zähmet ýoly[üýtget | edit source]
Atabaý ilki "Arzuw" diýen aýdym saz toparynda, soňra bolsa "Alemgosar", ansamblynda işleýär. Atabaýyň şirin owazyny daşary ýurtda ýaşaýan türkmen doganlarymyz hem höwes bilen diňleýärler. Bagşynyň Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti SaparmyratTurkmenbaşa bagyşlap döreden "Serdara kuwwat diläliň" diýen aýdymy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy we ol aýdym her baýramçylyk konsertlerde ýaňlanyp durýar.
Saparmyrat Türkmenbaşy ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny göz öňünde tutup, Atabaý Çarygulyýewe Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady dakdy.
Aradan Çykmagy[üýtget | edit source]
Atabaý Çarygulyýew 2009-njy ýylyň 21-nji martynda aramyzdan aýryldy.
ztuhvq2kV8SHDY rBQ28omuhBKSWov01xg,6 FP4ILLQY